Gaýgysyz Garaýew
Bu ýyl Aziýa Kubogy oýnasak-da, Jahan Kubogy umytlarymyz, saudylara öz öýümüzde 1-0 ýeňilenden soň söndi. Ol bolsa Aziýa Kubogundaky 2-2 deňlik bizi umytlandyrypdy.
Hindistan metbugatynda Türkmenistanyň “Ýaşlar Jahan Kubogyn”a gitmekden ýüz öwürendikerini, indi bolsa ýerine saýlanşyk toparyndaky ikinji orna eýe bolan hindi toparynyň gitjekdigini habary birnäçe hepde öň ýaýymlandy.
FIFA baştutany Jozef Blätteriň Ruhnama aýynyň 18-ne Türkmenistanda resmi saparda boldy.
Maýyplar Olimpiadasynda türkmen tahýasyny we Türkmenistan baýdagy suratly köýnek geýen sportsmen, el üstünde täsin hereketleri bilen töweregindäkileri we dünýäni haýran galdyrdy, we umydy sönenlere umyt berdi.
Ruhnama 23, 2004.Bu ýyl Aziýa Kubogy oýnasak-da, Jahan Kubogy umytlarymyz, saudylara öz öýümüzde 1-0 ýeňilenden soň söndi. Ol bolsa Aziýa Kubogundaky 2-2 deňlik bizi umytlandyrypdy. Kim bilýär, belki araplara täze mugallymyň täsiri bolandyr.
Indi Sanjar aýynda Jakartada geçiriljek oýuna türkmenler gelmese-de bolar. Sebäbi indiki tapgyra ýekeje topar çykmaly. We araplar bu netijäni arkaýynlady.
Mundan başga-da Hindistan metbugatynda Türkmenistanyň “Ýaşlar Jahan Kubogyn”a gitmekden ýüz öwürendikerini, indi bolsa ýerine saýlanşyk toparyndaky ikinji orna eýe bolan hindi toparynyň gitjekdigini habary birnäçe hepde öň ýaýymlandy. Emma türkmen tarapyndan bu maglumaty dogrulaýan habar henize çenli metbugata ýetirilmedi.
Muňa garamazdan FIFA baştutany Jozef Blätteriň Ruhnama aýynyň 18-ne Türkmenistan zyýaraty baradaky habary Turkmen.NET-de okadyk. Türkmen ygtyýarlylary bilen görüşen Blätter, Köpetdag Sport Toplumunyň täze futbol ýasama meýdançasyny açylyş dabarasyna gatnaşdy.
***
Mundan başga-da birnäçe gün öň daşary yurt telewideniýelerinden birinde habarlary seredip otyrkam 11 günlik geçiriljek Maýyplar Olimpiadasynyň açylyşyndan görünümler getirildi. We näme göreýin?
Uly ähtimal aýak maýyp bir sportsmen, iki eliniň üstünde herhili täsin hereketler görkezip dur… Men asyl oňa haýran galmadym. Asyl haýran galan zadym ol sportsmen türkmen tahýasyny we Türkmenistan baýdagy suratly köýnek geýipdir. Türkmen eken ýagny…
Bu sportsmen barada 4 ýyl öň agAjanda okapdyk. Emma bu sportsmeniň ady gynansak-da ýadymda galmandy. Şonuň üçin “Afina 2004” resmi sahypasyna girip gözledim, emma tapmadym. Has dogrusy ol sahypada diňe Türkmenistanyň Maýyplar Olimpiadasynyň Guramasy barada maglumat bar, emma bir sportsmeniň hem ady geçenok.
Bu olimpiada-da Hytaý örän uly üstünlik bilen öňde barýar.
Garaşsyzlygymyzyň 13 ýylygyna, Respublikamyzyň bolsa 80-nji ýyllyk dabaralaryna sport pudagynda uly ösüşler we özgerşiklere eýe bolduk. Umydymyz ülkämiziň ähli pudaklarynda barha-da ösüşüdir.
Türkmen.NET üçin ýörite Altas.
Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi
altas@turkmen.net
Subscribe to:
Post Comments (Atom)
0 comments:
Post a Comment