Altas Açyk Bölüm
Saturday, April 17, 2004
Materializmiň Ýykylyşy
Eziz Annamyradow
Gurbansoltan 18, 2004. 3-4 gün öň Orsiýetiň Birinji Ýaýlym kanalynda kosmosa uçan kosmonawtlar barada bir habar seretdim. Ol habarda ors kosmonawtlar kosmosda bolmaklaryna garamazdan Prawoslaw Hrystyýanlykda mukaddes hasaplanýan ‘Pasha’ baýramyny kaýutada belländiklerini, hatda Orsiýetiň merkezi patriarhy bilen telefonda gürleşendiklerini metbugat ýazgysynda dile getirdiler.
Bu waka maňa elbetde iki zady ýatlatdy. Birinjisi, wagtynda Sowet hökümetiniň propagandasy hökmünde Gagariniň metbugata “Men kosmosda Hudaýy görmedim(!)” diýen sözleridi. Muňa döwrüň iň uly alymlaryndan biri eserlerinde şeýle jogap berýär: “Sen näme, Hudaýy kosmosda uçýan barondu öýtdüňmi?”
Ikinji bir zat hem bolsa, Karl Marks we Engels ýaly materialistleriň, yzyndan Sowet hökümetiniň 21-nji asra girmezden öň, dünýäniň üçden ikisi ýaly uly bölegi materialist, hatda aterist bolar diýip çaklaýardylar. Emma bu sanyň belli bir ýyllar arasynda köpelip, soňam bolsa yza gaýdyşlyk başlandygy herkime mälim. Materilizmiň gurujylarynyň çaklamalarynyň uly bölegi bilen bilelikde, bu çaklamalary hem ýalňyş bolup çykdy. Şu wagt dünýä dine, ynanja tarap has köp ymtylyp ugrady.
Materializmiň çökendiginiň başga bir nyşany bolsa, Mel Gibosnuň ýaňy ýakynda çykaran “(Hz) Isanyň Çilesi” filmine bolan gyzyklanmadyr. Film hrystyýan ynançlary esasynda düşürülmegine garamazdan, dürli hrystyýan toparlary arasynda herhili jedele ýol açdy. Emma ýene-de adamlaryň din bilen meşgullanmagy, jahanyň Marksyň çaklan ugruna gitmeýişidir.
Bu filmiň çykmagy musulmanlar üçin Hz Isa (as) Pygamberiň hekaýasy baradaky Mukaddes Kuranda beýan edilen wariantyny aýdyp galmana bir pursat döretdi. Musulmanlara görä Hezreti Isa haçda asylmady, ol zulumlary çekmedi. Oňa meňzeş biriniň asylandygy Nisa Süresiniň 157-nji aýatynda dile getirilýär.
Golywudyň hem soňky döwürlerde ruhyýete tarap egilişiň bardygyna göz ýetirýäs. Diýmek ynanç adamyň ruhy zerurlulygy. Adamzat şu döwür ejizligini has-da oňat aňýar. Beýle ýagdaý bolsa, şu wagtky dürli bolup geçýän kynçylyklara garamazdan dünýäniň gowulyga, adamçylyga, ahlaka, ynsanlyga, ýardamsöýerlige tarap barýandygynyň subutnamasy bolsa gerek.
http://www.aktual.tk
Friday, April 09, 2004
Söýgi
Söýgi
Söýgi dünýäde bar bolan duýgularyň esasysydyr, iň parlak nur, iň beýik kuwwat. Bu kuwwatyň Ýer ýüzünde ýeňip bilmejek zady ýokdur. Söýgi owal-başda dörän her bir ruhy beýgelder, alyslara göterer. Soňra bolsa bu ruhlar ebedilige degişli duýup-daşanlaryny ähli köňülleriň töründe ornaşdyrmak islegi bilen joşar. Bu ýolda ölen-direler, ölen-direler, ölende söýgem öler, direlende-de söýgi bilen birlikde direler.
Söýmeýän ruhlaryň kämilleşip, ynsany älemi-asmana götermäge ýagdaýy ýokdur. Hawa, olar ýüzlerçe ýyl ýaşasalar-da kämillige tarap ýarym garyş hem ösmezler. Söýgüden mahrum bu tenler diňe öz bähbidiňi bilmegiň garaňky öwrümlerinden halas bolmanlary üçin, hiç kimi söýmezler we barlygyň synasyndaky muhabbetden habarsyz içlerindäki öçden ýaňa ýanar giderler.
Çaga ilki bilen bu dünýäde gözüni açanda gözi söýgä düşer. Özüni söýenleriň muhabbetden doly gujagynda öser, ulalar. Has soňra bolsa bu söýgini ýa tapar, ýa tapmaz. Emma ömür boýy bu söýgini gözlär we onuň yzynda intizar, ser-sepil bolar.
Gün şöhlelerinde söýginiň yzy bardyr. Suw bugara-bugara şol söýgä tarap göteriler. Asmanda suw damjalaryna öwrülip, şol söýginiň ganatlary bilen ganatlanar we nagra çekip, aşaklygyna - topragyň gujagyna inerler. Güller, gunçalar söýgi bilen açylar we gelen-geçenlere söýgi ýylgyryşy bilen ýylgyryp bakarlar. Ýapraklaryň arasynda tagt guran läleler yzyny üzmän töwerege söýgüden doly gamzalar atar we söýgi tansyny eder. Goýun-guzy söýgi bilen mäleşer, biri-birine gowşar, guş-gumrular söýgi bilen saýraşyp, gaýtalanmajak söýgi sazlaşygyna goşular.
Her barlyk Älemdäki ornuna görä, ägirt söýgüniň owazyny çalyp, ägirt simfoniýasyna ses goşar, erk we erkden hem aňyrdaky barlygyň synasynda düýpsüz yşgyny we muhabbetini jar etmäge çalşar.
Söýgi ynsan ruhunda şeýle çuňňur yz goýar welin, onuň ugrunda öý-öwzarlar terk ediler, şol sebäpli ojaklar söner we Ýeriň her künjünde bir Mejnun "Leýli!" diýip iňlär. Bu söýgä akyly çatmaýanlar bolsa, bu yşga dälilik diýer.
Başgalar üçin ýaşamak, il oglulyk ynsanyň iň ýokary duýgularynyň biridir we bu duýgynyň hem gözbaşy söýgüdir. Adamlaryň arasynda bu söýgüden gananlar iň beýik gahrymanlardyr. Içlerindäki kinelerini, ýigrençlerini zyňmagy başaran hakyky gahrymanlar... Ölüm bu gahrymanlaryň öňünde ejizdir. Hazan olaryň gülüni soldurmaz. Aslynda, köňül dünýälerinde täsin söýginiň şemlerini ýakyp, kalplaryny söýginiň, mürüwwetiň şemdanyna öwren we duýgy dünýälerinde açan ýollary, ýodalary bilen ähli köňüllere girmegi başaran bu başarjaň ruhlar şeýle bir beýik diwandan "ebedi müddet" ýaşamak hukugyny gazanandyrlar. Ölüm beýlede dursun, panylyk we kyýamat hem olaryň güllerini soldurmaz, bulgurlaryny syndyrmaz.
Perzendi üçin ölmegi başaran ene söýgüniň gahrymany, ýurdy, il-güni üçin janyny gaýgyrmadyk kişi milletiň guwanjy, adamzat üçin ýaşap, onuň üçin baş goýan gahryman bolsa köňüllerde tagt gurmaga hukuk gazanan bakylyk heýkelidir. Olaryň kalbyndaky söýgi islendik duşmany ýeňip biljek ýarag, her gapyny açyp biljek jadyly bir açardyr. Bu ýaraga we açara eýe bolanlar bu gün bolmasa-da ertir hökman jahanyň gapylaryny açar we ellerinde muhabbet yşyklary bilen çarýana rahatlyk nuruny saçyp aýlanarlar.
Adamlaryň köňüllerini ýeňmek üçin iň ygtybarly ýol söýgi ýoludyr. Söýgi ýoly pygamberler ýoludyr. Bu ýoluň ýolagçylaryna ähli gapylar açykdyr. Söýgi ýoly bilen köňle bir gezek girilse, müşgil iş galmaz. Ülkämizi näçe ýürekden söýsek şonça-da gülläp öser. Ähli okyjylarymyzy Atamyrat aga ýyly bilen mübärekleýärin!
Zaman gazetinden alyndy. Jemil ÝYLDYZ
Friday, April 02, 2004
Bazarda Bolýanlar
Bazarda Bolýanlar
Eziz Annamyradow
Gurbansoltan 2, 2004. Käte bazara söwdalamana gidende, käbir söwdegärler sada görýärmi näme, mysal pomidor ölçedeniňde iki sany ulusyny goýup, galanynam bolsa maýdajyklaryndan we çüýrüklerinden üýşürip terezä goýan mahallary bolýar. Bu ýagdaýda hiç zat diýmän geçip gitmek, ýa-da siziň özüňize saýlamana erk berkse, özüňiziň saýlamagyňyzdyr. Muny esasanda çagalara edýäler. Bu barada çagalaryňyza öwredip bilersiňiz, bu ýagdaýda taşlap gidäýmegi. Sebäbi siz söwdanyň şertnama bölegindediňiz, puly tölemezden öň närazyçylyk hakyňyz bar. Pul töländen soň yzyna tabşyrjak bolup çemeleşmek, söwdanyň dessurlaryna gabat gelmeýär.
Söwda edeniňizde her gymmat zadyň hiliniň ýokary däldigini, her arzanyňam pes hilli däldigini ýatdan çykarmaly däl.
Konditer ýa-da gaplanan fabrika önümleriniň köýüş möhleti bir gün geçenem bolsa almaň. Bir gün geçenden hiçzat bolmaz, emma gowy endik edinersiňiz. Saglygyňyzyň arzan baha bilen alyp bolmajakdygyny ýatdan çykarmaly däl.
Gynansak-da soňky döwürlerde tereziden iýme gylygy çykypdyr. Bu barada näme edip bolar, bilemok. Belki öz kilo daşlaryňy ýanyň bilen getirmelidir. Ýöne beýtseňem saňa hiçkim zat satmak islemez. Ýene-de bu ugurda ekspertler käte-käte barlag geçirýärler.
Biz güýjümiziň ýeteni bilen şu wagt öz haklarymyzy goraly. Galany wagty gelende düzeler.
Nokat : Altas Habar Gullugy we Maglumat Merkezi
Indoneziýa Synagyndan Geçdik
Indoneziýa Synagyndan Geçdik
Abdy Rahmanow
Gurbansoltan 1, 2004. Halkara ýagdaýy bilen ýakyndan kän tanyş bolmadyk toparymyz Indoneziýanyň, milli toparymyz bilen oýnajak oýnunda görkezjek netijeleriň nähili boljagyny gaýgy edýärdim. Elbetde öýümizde olary 3 – 1 ýeňmek başartdy, emma ýene-de umytlar sönük däl. Indi sabyrsyzlyk bilen Oguz aýynyň 9-ny garaşýan. Saudylar Indoneziýany tämiz 3 – 0 ýeňipdiler. Elbetde bu Saudylaryň ussatlygyny ýene-de subut edenok, sebäbi biziň 2 – 0 hasaby bilen utan Şri Lanka toparymyzy, olar ýekeje gol bilen ýeňmegi başardy. Şri Lankanyň adyna iň üstünlikli oýun Nowruz aýynyň 31-ndäki oýun bolsa gerek. Sebäbi araplardan bary-ýogy bir gol bilen halas bolupdyrlar. Emma doly bir netijä gelip bolmaz, sebäbi bu netije Şri Lankanyň oňat taýýynlanandygyna subutnama hem bolup biler. Biziň-em, saudylaryňam iki oýunda iki ýeňişi bar. Indiki oýun üçin umytsyz boljak däl, emma araplar öz meýdançasynda peýdalanmagy oňat başarýandyr diýen kanagatym bar. Indoneziýa – Şri Lanka oýny meniň pikrimçe Indoneziýa ýeňşi bilen jemlener. Indonezleriň janköýerleri stadiony doldurar, bulam Şri – Lankany ruhy tarapdan düşürmegi mümkin.Doly Mazmun
Nokat - Altas HG
