Altas Açyk Bölüm
Sunday, June 27, 2004
 
Ýewro 2004 Ýarymfinallar
Gaýgysyz Garaýew

Oguz 28, 2004.

Dört ýylda bir gezek geçirilýän FIFA – Ýewropa Futbol Kubogunyň 2004-nji ýyl Portugaliýada geçirilýäninde ýüze çykan garaşylmadyk netijeleriň ýany bilen, çärýek final oýunlarynyň ikisi penalty urgylary bilen jemlendi.

Ýarym final oýunlarynyň ilkinjisi Lizbon şäheriniň Hose Alwalade stadionynda öý eýeleri portugallar bilen Gollandiýa ýygynlary arasynda oýnaljakdyr. Bu oýun Oguz aýynyň 30-na oýnaljakdyr.

Ikinji ýarym-final oýny bolsa Porto şäheriniň Dragao stadionunda Gresiýa bilen Çehiýa Respublikasy ýygynlary arasynda Gorkut aýynyň 1-ne amala aşjakdyr.

Final oýny geljek aýyň 4-ne Lisbonda Luz stadionunda oýnaljakdyr.

altas sport


Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

altas@turkmen.net

 
Daniýanyň çeh gabry
Çeh Resp. 3 – 0 Daniýa

Gaýgysyz Garaýew

Oguz 28, 2004

Bazar agşamy örän tolgundurujy pursatlar datdyran Ýewro’2004-iň soňky çärýek final Çehiýa – Daniýa oýnunyň ilkinji ýarymy hasap açylman tamamlandy.

Ikinji ýarymyň dördünji minutda (49 min.) burçdan urgydan gelen pökgini çeh oýunçy Jan Koller Daniýanyň derwezesine girizmek bilen hasaby açdy.

Yzyndan ussatlyk bilen her oýunda gol urup gelýän çeh Baros daniýaly goragçylary ussatlyk bilen geçip iki minutda iki gol urmagy başardy.

1976-da turnament çempiony we 1996-da ikinjilige eýe Çehiýa Respublikasy ýygyndysy ýunanlar bilen Sogap güni Portoda ýarym-final oýny oýnajakdyr.

altas sport



Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

altas@turkmen.net

 
Şwesiýa 0 – 0 Gollandiýa (pen 4 – 5)
Gaýgysyz Garaýew

Oguz 27, 2004.

Ýewro 2004-iň nobatdaky ýarymfinal ýygyndysy belli boldy. Çekeleşikli oýun hiç tarapyň-am hasabyna üýtgetmesiz tamamlandy. Penalty urgylarynda 5 urgudan birini hasaba öwürmegi başarmadyk Şwesiýa öýüne dolanmaly boldy.

Penalty urgylarynda 4 – 5 hasap bilen Gollandiýa ýarym-finala çykdy.

Ahyrky ýarym-finalist Çehiýa – Daniýa oýnunyň ýeňijisi boljakdyr.

1 – Portugaliýa
2 – Gresiýa
3 – Gollandiýa
4 – ?

altas sport



Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

altas@turkmen.net

Saturday, June 26, 2004
 
Aziýada Iň Golçy – Türkmen
Gaýgysyz Garaýew

Oguz 27, 2004.

Germaniýada geçiriljek 2006 Jahan Kubogyna taýýynlyklar bütin depginleri bilen alnyp barylýar. FIFA Aziýa Futbol Guramasynyň golçylar hasabaty hem yzarlanýar. Şu wagtky hasabatda AFC yzarlamasynda Begenç Gulyýew 6 gol bilen birinji ýerde barýar. Yzyndan Bahreýnli Hubeýl Alaanyň hasabynda 5 gol bar. 3-nji ýerde bolsa 4 gol bilen iki oýunçy bar: Omanly Bader al Maimani we Maldiwesli Aşfag Aly. 5-nji ýerde bolsa 3 gol bilen 2 türkmen oýunçysy bar, Guwanç Owekow, Rejep Agabaýew. Baýramowlaryň her ikisiniňem hasabynda 2 gol bar.

Türkmen Hasapçylarynyň Orunlamasy

1 – Begenç Gulyýew – 6 gol
2 – Guwanç Owekow – 3 gol
2 – Rejep Agabaýew – 3 gol
4 – Wladimir Baýramow – 2 gol
4 – Nazar Baýramow – 2 gol
6 – Didar Orazow – 1 gol

Altas

Aziýa hasapçylarynyň doly orunlamasy




Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

altas@turkmen.net

 
Film Festiwalynyň Arkasynda Näme Bar? [syn]
Abdy Rahmanow

Oguz 26, 2004.

Aýtjaklarym bilen herkim ylalaşman biler, emma belli bir mukdar dogrulara-da ýol açjakdygyna şübhäm ýok.

Bilşimiz ýaly ABŞ we Ýewropanyň käbir döwletleri hiçhaçan bir ýagşylygy, haýyrly işi öz bähbidine peýdasy bolmajak bolsa ýerine ýetirmez. Her edýän işinde uzyn ýa-da gysga möhletli bir gazanç üçin çykdaýyjy gözleýändir.

Ýaňy-ýakynda serhet gullukçylaryna ýük we üpjünçülik ulaglaryny sowgat bermek bilen hödürlän ýardamy, elbetde Amerikanyň basyp alan goňşy owgan topragynda serhet arkaly asudalygy emele getirmek, ol asudalygam owgan halky üçin däl, öz bähbitleri üçin emele getirmek. Bu asudalyk olara Transafgan proýektiniň howpsuzlugynyň saklamak üçin möhüm, sebäbi bu ýangyçgeçirijiden Amerikanyň özüne-de peýda boljakdyr.

Bir-iki hepde öň nCa habar gullugy bir hakykaty metbugata çykaran ilkinji ýaýlym organy boldy. Amerikanyň “Alyş-çalyş programmasy” esasynda her ýyl türkmen talyplarynyň onlarçasa ABŞ-a ugradylýar we ol ýerdäki maşgalalara ýerleşdirilýär. Saýlanşykda-da çagalaryň zehinine we ukybyna däl-de, olaryň öz isleýişi esasynda sowallary jogaplandyranlary saýlaýandyklary, ýagny saýlanşygyň ylmy däl-de syýasy sebäbini bardygy anyklanyldy. Çagalar türkmen hökümetinden näraçylygy, hrystyýan durmuşa ymtylyşy, hat-da lagerlerinde amerikan atlary bilen çagyrylyşy ýaly pan-amerikan idealogiýany siňdirmek maksatnamalary bar. Olary aladasy hrystyýanlyk dinini ýaýmak däl-de, amerikan durmuşunyň bir bölegi bolan hrystyýanlygy hem durmuş şekline öwürmek üçin ulanmak.

Öňlerem ýüzlerçe halklar aralarynda saýlanylyp öz döwletlerinde ýetişdirilen wekilleri, ýurdunuň başyna getirip, halkyna ‘medeniýeti’ öwretmegi ündän basybalyjylar, halkyň habary ýok-ka olaryň ellerindäki baýlyklary basyp aldylar. Ol döwürdäki “Geografiki Açylyşlaryň” ýerini indi “Globallaşma” pelsepesi aldy. Bu barada prezidentimiziň örän ähmiýetli bir makalasy hem bar. Gysgaça aýdylanda “Globallaşma” gury pelsepe bolup, onuň arkasyndan peýdalanyp biljek döwletler diňe ösen ýurtlardyr.

Bu “alyş-çalyşlar programmalary” bilen ýetişenler geljekde belki ýokary wezipelere çykyp biljek kadrlar elbetde Amerikada öwrenenlerini öňe sürjek bolar. Edil iňlis premýeri Toni Bleýr ýaly.

Bir manyda “sungata goşant” we “aragatnyşygy kämilleşdirmek” slogany astyna geçirilýän Türkmen-Amerikan film festiwalynyň hem syýasy sebäbi bar. Bilşiňiz ýaly biziň ülkämiz öz medeni we ruhy häsiýetlerini ornaşdyrmak ädimlerini ädýär. We şu wagt türkmen ýaşlaryny sandan çykarmak üçin, bir ugruny tapyp “medeniýeti” bu döwlete girizmegiň hemme ýollary gözlenýär. Soňra nykasyz jynsy gatnaşyklar, ýary-ýalaňaç köçä çykmak ýaly häsiýetleri obalara çenli eltmek. “Amerikanlaşan” nesli hem bolsa amerikan propagandasy doly Golliwud filmleri bilen Amerikanyň kellekesiji däl, “halasediji”digini görkezmek. Her edýän çozgununyň üstüni propaganda bilen örtüp biler ýaly film festiwaly bilen ilkinji ädime başlanyldy. Eger amerikanlaryň hakyky islegi sungat alyş-çalyşy we aragatnaşyk ösdürülmegi bolsady öňki amerikan ilçisi ýalan töhmet habary CBS-de aýtmazdy.

Belki amerikan hökümetiniň başga maksatnamasy hem bardyr, emma ýatdan çykarmaly däl zat ABŞ hökümetiniň 50 ýyl soň näme ediljekdigi baradaky meýilnamalary taýýar we her edýän işiniň arkasynda öz bähbidi üçin peýdaly tarapy bar.



Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

altas@turkmen.net

Friday, June 25, 2004
 
Любовь Всевышнему
Шамурат Юсупов

Хотя это и ясно что Ислам не является источником терроризма, и то что мусульмане не являются террористами, думаю главное дело и являются в самих мусульманах, особенно в мусульманах нашего времени .

Из за того что мы потеряли доверенность самим себе и растались от любви Всевышнему, Аллах же отдалил нас от любви друг другу.

Сегодня когда спрашиваешь мусулманина чего он/а на свете больше хочет, он/а отвечает большой дом и красивая машина. Хотя мы забываыем что, нам это всё не забрать в тот свет.

В место того чтобы думать о создании частной киностудии, где можно поризвести фильми по мусулманским мотивам, или открыть новые заводы и фабрики и развить качества местных товаров, что-бы не нуждатся зарубежным странам, мы всегда думаем о себе. Хотя если решит эти проблемы дружелюбно, мы можем достигнуть лучшую жизнь.

На счёт Палестины... Хотья мы и собираем пожертвование в мечетях для выздоровление раненых, какой смысл если среди палестинских студентов обучаюшие за-рубежом есть те кто, идут на дискотеку, пьют и спят с кем хотят, когда их ротители и братья умирают под огнём?

ОИК - другой разговор. Много шума, ни движения... В Исламском Унверситете открытая странами ОИК в Малайзии, к сожалению много политических коррупций...

По-этому я думаю мы должны начать с любви Всевышнему! Когда мы сможем Его полюбить, тогда мы сможем продолжить наши старательности достигнуть успех для Мира в Мире.

Да простит и помилует нас всех Аллах.

Удачи и успехов вам.


Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

altas@turkmen.net

Thursday, June 24, 2004
 
Angliýa 2 – 2 Portugaliýa (pen. 5-6)
Oguz 25, 2004.

Dünýä janköýülýänlerinden Ispaniýanyň, Horwatiýanyň we Italýanyň yzyndan Germanýa-da öz saýlanşyk tapgyr ýygynyndan ikinji tapgyra çykyp bilmedim.

A ýygynynda orslar ýunanlary (grekleri) ýeňmegine garamazdan, gazanan 3 baly ikinji tapgyra çykmana peýda bermedi. Emma muňa garamazdan orslar öňki turnamentlere garamazdan öňat oýnandygy aýdyň. Bu toparda öz üstüne ünsüni çeken topar Gresiýa. Portugaliýany öz öýünde ýeňmegine garamazdan, ýygyndan ikinji bolup çykdy.

Çäкýek-final oýunlary düýn (Oguz 24, 2004) öý eýeleri bilen iňlisler arasynda bolup geçdi. Oweniň 3-nji minutda uran goly 20-nji minuda çenli jogap gelmedi. Rui Costanyň golyndan 5 minut soň iňlis Lampard hasaby Angliýanyň peýdasyna 2-1 etmegi başardy. Oýunyň gutarmagyna 7 minut galanda Postiga portugallaryň hasabyny deňlemegi oýny penalty urgylaryna uzatdy. Ilkinji penalty urgusuny uran Dewid Bekam, pökgini derwezä nyşan alyp bilmedim.

Oýun 2-2, penaltylarda 6-5, Portugaliýanyň hasabyna tamamlandy.

Bugün Gresiýa bilen Fransiýa oýnar.



Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

altas@turkmen.net

 
Buşyň Işi Çatak [syn]
Şamyrat Ýusupow

Oguz 24, 2004. Yrakda Günorta Koreýanyň esgerlerini çekmegini talap eden terrorist toparynyň ýesirlik astynda tutan günorta koreýaly 33 ýaşly terjimeçisini, Günorta Koreýa hökümetiniň ýüz öwürmeginden soň öldürdiler.

Muňa garamazdan ABŞ we Go Koreýa hökümeti Yrak syýasatynyň üýtgemeýändigini beýan etdiler. Jorj Buş näçe “Biziň arkaýynlygymyzy, daýanjymyzy ýykjak bolýar. Emma beýle kiçi toparlara boýun egmeris!” diýse-de, Ebu-Guraýb tussaghanasynda üsti açylan zorlamalaryň, ABŞ-niň hökümetiniň, şol sanda Ak Tamyň tabşyrygy esasynda bolandygy barada resminamalar has-da ýüze çykmana dowam edýär.

Sentýabr 11 komissiýasynyň Buşuň Saddamy El-Kaida terror topary bilen baglanşyklynyň bardygyny baradaky günälemesiniň ýalňyşdygyny ýaňy ýakynda ýüze çykaran subutnamasy esasynda aýdyňlandy. New York Times, muny bahana edip urşa giren Buşyň halkdan ötünç soramana çagyrdy.

Gysgasy Buşyň her ýagdaýda-da netijesi çatak. Sanjar aýynda geçiriljek saýlawlarda kän mümkinçiliginiň ýokdugy aýdyň. altas



Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

altas@turkmen.net

 
Türkiýede NATO-dan Öň Partlama
Sogapgün
Oguz 24, 2004


NATO Assambleýasynyň geçirilmegine 2 gün galanda Ankarada amerikan prezidenti Buşyň galmagy meýillenýän myhmanhanasynyň 75 metr öňünde partlama emele geldi. Şonuň bilen bile partlama Türkiýäniň 2 şäherinde emele geldi. Şu wagt diňe 3 adamyň ýaralanandygy anyklanyldy. Bir adamyň ölendigi barada habar entek ygtyýarlylar tarapyndan dogrylanmady. altas




Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

altas@turkmen.net

Friday, June 11, 2004
 
Türkistan Birleşigi, Ykdysady we Jemgiýetçilikli Arkalaşygy
Taryhy taýdan aslymyz, dilimiz we däplerimiz bir bolan türki halklar Ýewropa Birleşigine garanda meňzeş arkalaşyk gurmana has açykdyr. Emma şu wagt ykdysady we syýasy durnuklulygy kämilleşdirmän beýle arkalaşygyň gurmana çalyşmak gaty üstünlükli bolmany biler. Globallaşýan dünýäde öňürti ýerli globallaşmanyň ähmiýeti uly. Bu barada pikirlerimizi paýlaşalyň.


Siziňçe türki döwletler birleşiginiň gurulmagy barada meseleleriň düýbi haçan atylyp başlar? ses beriň



Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

altas@turkmen.net

 
Ors metbugatynyň töhmeti aýdyňlanýar
Şamyrat Ýusupow

Oguz 12, 2004. Orsiýetiň Köpçülükleýin Metbugat ýaýlymynda 1993-nji ýyldan soň Orsiýetde ÝOM-laryny gutaryp diplom alanlaryň müňlerçesini işden boşadyp köçä ‘oklanýandygy’ baradaky habary türkmen hökümetiniň ýalanlamagynyň yzyndan, Aşgabatdaky ors ilçi Andreý Moloçkow hem bu habarlaryň ýalandygyny, biriniň hyýalydygyny metbugata duýurdy. Altas

Çeşme: nCa


Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

altas@turkmen.net

Thursday, June 10, 2004
 
Türkmenler Aziýa Çempiony Bolup Bilermi?
Abdy Rahmanow

Oguz 10, 2004. Dostluk oýnunda Wladimir Baýramowyň gyzyl kart alyp oýundan aýrylmagy netijesinde asyl topardan 4 adamyň oýnan 10 kişilik toparymyz Katardan 5-0 ýeňilmeginden soň, asyl düzüm bilen meýdança giren ýygyndy toparymyz düýn Jahan Kubogy'2006 taýýarlyk nobatdaky oýnuny saudylaryňkyda myhmançylykda oýnadyk. Gynansak-da netije umyd edişimiz ýaly bolmadyk. Emma obýektiw nazardan garanda Aziýanyň ýyldyz ýygyndysyndan ýeňiş garaşmak has makuldy. Milli ýygyndymyzyň 3-0 ýeňilmegi ýagdaýy kynlaşdyrýar elbetde, sebäbi tapawudy öňümizdäki oýunlarda ýapmak kyn bolar. Biziňkiler araplary öýümizde uly tapawut bilen ýeňmeli bolar. Şeýlelikde ermeniler we katarlylardan soň türkmenleriň bu ýyl 3-nji halkara oýunda utuluşy boldy. Saudylar bu oýun bilen Aziýa kubogy üçin hem umytlandy.
Meşhur Ýewropa sport telekanaly ESPN türkmen ýygyndysynyň oňat goýum goýulyp üns berilse arkaýyn Aziýa çempiony bolup biljegini belläp geçdi. Gysga wagtda halkara orunlamasynda 124-nji ýerden 96-njylyga çykan toparyň barhada gowulaşýandygyndan şübhe ýok. Dört ýyl öň halkara metbugatynda kän agzalmadyk milli toparymyza şu wagt hökümet has köp üns we hemaýat berýänligi sebäpli dünýä metbugatynyň ünsüni çekýär. Belki bu ýyl çempion bolmarys, belki indiki gezekde bolmarys. Emma ýaş ülkämiziň abraýy 10-20 ýyl soň sport pudaklarynda-da göteriljegine ynamymyz bar.
Şu milli ýygyndymyz umytdan düşmeli däl. Laosy we Indoneziýany uly tapawut bilen ýeňip, gol sanynda saudylaryň öňüne geçmeli we araplara asla mümkinçilik döretmeli däl, we hökmän ýeňmeli.
Milli ýygyndy toparymyza üstünlikler dileýäris.



Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

altas@turkmen.net

 
Reagan: Gahrymanmy, Zalym?
Gaýgysyz Garaýew

Soýuz bilen Sowuk Urşy duruzyp SSSR bilen oňat aragatnaşyk başaldan ABŞ-nyň 40-njy prezidenti Ronald Regan, alsemiýa keselinden 93 ýäşynda öldi.

Örän oňat lider bolmagyna garamazdan, käbir analitikleriň belläp geçişlerine görä Jorj Buşa garanda has ýeňil kelle we ‘zalym’dygy aýdylýar. Buş Owgana we Yraga Sentýabr 11-de ölen 3000 adamy bahana edip giren bolsa, Regan Germaniýada bir diskotekada emele gelen partlamada ölen 2 amerikan raýaty sebäpli hiç ýok ýerden Liwiýany günälap 2 şäherine bomba ýagdyrdy. Muammer Gaddafy Reganyň kazyýet işlerinden geçmän ölüp gideni üçin gynandy.

Eýrana gizli ýarag satýar diýip parlament tarapyndan prezindentlik kürsüsinden gysga wagytlygyna düşürülen Reganyň täsin hekýasam bar.

Ol asyl artist bolup Golliwud filmlerinde köp oýnapdy. Soň 60-njy ýyllaryň ahyrlarynda Kaliforniýanyň häkimi bolýar. Soňam 1981-de prezident bolýar. Tanyş gerek? Hawwa, başga Golliwud oýunçusy Şwarsneger şu wagt Kaliforniýanyň häkimi. Taryh bolşy ýaly gaýtalansa 10 ýyl soň prezidentlik kandidatlary arasynda Arnold-am görüp bileris.

Ronald Reganyň jesedi Anna güni dogduk mekany Kaliforniýada topraga beriler.



Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

altas@turkmen.net


Powered by Blogger