Altas Açyk Bölüm
Saturday, July 24, 2004
 
Futbolyň Gyzgalaňy
Gaýgysyz Garaýew

Gorkut 25, 2004

Gadymy Rim imperiýasyndaky gladiatorlaryň ganly söweşiniň ýerini alan futbol sportunyň gyzgynlygy, gladiatorlaryň ölümçi bäsleşiklerinden has hem tolguldundurujy we gyzgalaňly bolsa gerek.

Ýakynda jemlenen Ýewro’2004 kubogyna Ýunanystanyň (Gresiýanyň) eýe bolanyndan soň Copa Amerika we Aziýa Kubogy bilen janköýerlik dowam edýär.

Hytaýda geçirilýän AFC’2004-de, milli ýygyndymyz ilkinji gezek gatnaşýar. Ilkinji iki oýnuny arka atan türkmenler, ertir toparymyzdaky soňky oýny dogan we goňşy ýurdumyz Özbegistan bilen oýnar.

Jahan Kubogy saýlanşygy oýnunda milli ýygyndymyzy 3-0 hasap bilen utan saudy araplar, AFC’2004 “C”saýlanşyk ýygynynyň ilkinji oýnunda milli ýygyndy toparymyzy ýeňip bilmedi. Şeýlelikde türkmenleriň erbet topar däldigini subut etdiler.

Emma Yrak bilen oýnalan ikinji oýnumyzda bolsa näçe köp mümkinçiligimiz bolsa-da soňky 10 minutdyň için 3 gol urulan matçdan türkmenler 3-2 hasaby bilen ýeňilip çykdylar. Yrakdan gelen 11-nji minutdaky gola 2 minut geçmänkä Wladimir Baýramowyň owadan kelle goly bilen hasap deňlendi. Hasap soňky 10 minuda çenli üýtgemedi. Yraklylaryň çoguny garşysynda türkmen derwezewanynyň (Naboýçenko) gowşaklygy bir gola baha boldy. Emma Gulyýew Saudy Arabystan bilen oýnalan oýunda edişi ýaly  jerime urgusy bilen pökgini derwezä girizmegi başardy. Oýun şeýle tamamlanaýjak ýalydy welin, Rahim Gurbanmämmedowyň oýun barada FutbolAsia reportýoryna aýdan çaklamalary dogry çykdy. Yraklylar güýçli topar, türkmenler gowşasa yraklylar arkaýyn utup biler, diýişi ýaly 90-njy minutda açyk goragçy oýunçylaryň arasyndan geçen topy, Saddamyň ogulnyň atdaşy Kusaý hasaby yraklylaryň hasabyna öňe çykarmagy başardy. Bu hem ahyrky netije boldy.

Özbegistan ýygyndysy Saudy Arabystany 1-0 hasaby bilen ýeňdi. Yraky hem şeýle hasap bilen ýeňen özbekler ikinji tury garantiýa astyna aldylar. Türkmen ýygyndysynyň ikinji tapgyra çykmagy üçin özbekleri ýeňmeli we yraklylar hem saudylara ýeňilmeli. Emma netije gol sanyna hem bagly.

Milli ýygyndy toparymyz Aziýa Kubogynda ilkinji gezek çykmagyna garamazdan özüni metbugata duýurmagy başardy. Hasabynda iki oýunda 4 gol ýazga geçiren milli ýygyndy toparymyz halkara futbol derňewçi-analitik we ekspertleri tarapyndan has ýakyn gözleg we yzarlama astyna alyndy. Halkara sport telewideniýe gepleşiklerinde hem ýygy-ýygydan agzalýan boldy. Gysga wagtyň içinde FIFA orunlamasynda 124-nji ýerden, 90-njy oruna çykmagy başaran toparymyza Aziýa Kubogynyň tolgunjuny bize datdyranlar üçin, ýaş ülkämiziň adyny dünýä duýurany üçin milli ýygyndy toparymyza uly minnetdarlygymyzy bildirýäris.
 Netije näme bolsa, bolsun! Emma biz eýýäm çempion. Öňümüzdäki bäsleşiklerde Alla ýaryňyz bolsun!


Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

mailto:altas@turkmen.net



 
Türkiýede pajyga
Gorkut 23, 2004

Türkiýe respublikasynda Ystambul-Ankara aralygy gatnaýan “tizlendirilen” otly demir ýolyndan çykdy.
Gorkut aýynyň 22 sinde agşam sagat 18:00 da Ystambuldan Ankara “tizlendirilen” otly ugrady. We sagat 19:45 töwereginde Türkiýäniň Sakarýa welaýatynda otly yoldan çykdy. Pajygada ölenler 36 we ýaralanlar 80 den köp diýip habar berildi. Heläkçiligi başyndan geçirenleriň aýtmagyna görä otlynyň ýoldan çykmazdan 10-15 minut öň otlynyň sagatda 136 kilometr ýol alýandygy çaklanýar. Bu adaty  bolmaly 120 km/s-dan has köp. Ýöne heläkçiligiň tizligindendigini aýtmak häzirlikçe ir. Ygtyýarlylar waka barada anyk maglumat bermediler.

“Tizlendirilen” otlylar 4 Oguzda gatnap başlapdy. Olar öňki otlylaryň üýtgedilip tizliginiň 160 km/s da çykaryp Ystanbul Ankara aralygyny 4 sagada düşürýärdi. Ýöne käbir alymlaryň aýtmagyna görä bu lokomotifler, wagonlar we ýollar bilen “tizlendirilen otly proýekti”ni amala aşyryp bolanok. Emma otlylar ýöräp başladylar. We 2 aý geçip geçmän bu waka boldy.

Arkadag Gurbanow/Ankara



Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

altas@turkmen.net



Powered by Blogger