Altas Açyk Bölüm
Wednesday, August 11, 2004
 
Türkmen dilinde "duýgujañ" we "duýgansyz" diýilen sözler barmy?

Alparslan 12, 2004

Abdy Rahmanow

"Altas HG" bannerinde "duýgansyz" sözüne üns berensiñiz.

Geçen birnäçe gün öñ bir dostum bilen jedele girdik. Türkmen dilinde "duýgansyz" we "duýgujañ" sözleri ýokmušyn.

Men barmy, ýokmy bilmedim, emma men kiçiligimden bäri ešiden ýalydym bu sözleri. Jedeliñ bir ýerinde "duýgansyz" däl-de, "duýdansyz" bolmalydygyny dostum belläpdi. Emma meniñ diýmek isleýänim iñlis dilindäki "careless", ýa-da "habarsyz", "ešitmedik ýagdaýda" manysyndaky "duýgansyz".

"Duýdansyz"yñ manysy iñlis dilinde "sudden", "unexpected", ýagny bašga bir dilde aýdanyñda "garašylmadyk". Onda dostum maña "Ešitdim, ešitmedim diýmäñ" ulanaý, diýdi. Bu gaty klasik bolýar, birem "Daš-töweregiñize duýgansyz galmañ" sözleminiñ ýerine, "Daš-töweregiñize ešitdim, ešitmedim diýmän galmañ" diýip bolmaz-a.

Soñ beýleki mesele bolsa "duýgujañ" däl-de, "duýgur" bolmalydygy baradaky meseläni geplešip netijä gelip bilmän goýduk. "Duýgur" meniñ bilýänim duýgulary ýiti, ýagny görmegi, ešitmegi, añyšy ýokary dereje manysy bar. Emma mysal diýeli sähel kiçi degišme edilende göwnüne alany taryplaýan, bir zatdan derrew alynmak manysynda "duýgujañ" sözüni ulanyp bilemokmy? Ýagny bašga bir söz bilen aýdylanda "göwünjeñ", iñlis dilinde "emmotional" manysynda, "duýgujañ" sözüni ulanyp bilemokmy?

Bolmanda-da bu sözleriñ öz aramyzda ulanyp dilimize gošulmagyna ýol açmagymyzyñ bir bolmajak tarapy barmy? Bu sözler eger dilimizde ýok bolsa, biz bulary ulanšyga girizäýeli. Bolmanda diller šeýle šekillenmeýärmi näme?

Bu barada pikirleriñizi we bilýänleriñizi hökmän paýlašyñ.

Türkmen dilinde "duýgujañ" we "duýgansyz" diýilen sözler barmy?



Powered by Blogger