Tuesday, July 04, 2006

Awstraliýanyň Indoneziýa Garşy Gizli Syýasaty


2002-nji ýyldaky Bali terrorçulukly partlamasy bilen baglanşykly kazyýet işine berilen Başiriň aklanmagynyň yzyýany bilen Awstriýaliýanyň hökümetinden närazy jogap geldi. Indoneziýanyň terrorçylary goldaýandygyny, Indoneziýanyň demokratiýa işini oňarmandygyny, halkyň howpsuzluguny göz öňünde tutmaýandygyny belledi.

Meniň düşünmedik zadym, näme indi demokratiýa diýip bigüna adamy jezalandyrmalymy? Elbetde men Başiriň günäli-günasizdigini bilemok. Emma kanun subutnama tapmadyk bolsa zor bilen subutlap bolmaz-a.

Başir meselesi birazrak giňräk, emma meniň esasy aýtjak bolýan zadym Awstraliýanyň Indoneziýa garşy alyp barýan gizli syýasaty. Dost görünip arkadan bitirýän işleri.

Bali partlamasy bilen baglanşykly aýdylanda; bu partlamanyň wideoýazgydy bar. Bir adam çaýhana partlaýyjy maddaly bukja bilen içeri girýär. Yzyýanyndam gizli kameraly adam yzarlaýar. Diýmek ýazga düşüreniň habary bardy. Kim bilýär partlaýyjyly bukjany alan adam näme wadalar bilen, nähili ýalan bilen “içerde pylana meňzeş birine ber” diýilip berilmändigini. Bolmasa adam birnäçe sekund soň ýaryljagyny bilen bu bukjany beýle arkaýyn götermezdi. Indoneziýa garyp halk kän. 2 köpüge işiňi bitirjek adamlar bar. Galyberse-de bu guramanyň adyny ‘Jemaah Islamiyah’ diýip saýlamagy hem şübhe beriji we gaty üns çekiji. Ýagny “bizden göräýmesinler, biziň edenimizi biläýmesinler. Şonuň üçin guramanyň adynda üstüne basyp aýdaly – Yslam Jemagaty diýip. Hatda munuň arapçalaşdyraly – Jemaah Islamiyah”. Bu musulman adamyň etjek işi däl.

Ikinji bir mesele: Gündogar Timor. Bu täze döwlet Timor adasynyň gündogar bölegi bolup, Portugaliýa koloniýasyndan garaşsyzlygyny alandan 2 gün soň Indoneziýa goşununyň ele geçiren topragydyr. Indoneziýa bu döwleti Timor Timur (Gündogar Timor) welaýaty diýip atlandyrdy. Adanyň beýleki bölegi bolsa Timor Barat (Günbatar Timor) welaýaty diýilip atlandyryldy. Tebigy we infrastuktura taýdan baý bolmadyk we ilaty 1 milliona-da ýetmedik bu welaýata Indoneziýa hökümeti gerekli maýa goýumlary ýatyrdy, elektrik, suw, telefon hyzmatlary geçirdi, iş ýerleri açdy. Hatda Indoneziýanyň milli awtomobili “Timor”yň desgalary hem bu welaýatda guruldy


Suhartonyň hökümetden düşürülmeginiň yzýanyndan bir topar guramanyň azatlykdan peýdalanyşy ýaly, Gündogar Timor hem öz azatlygyny talap etmäne başlady. Asyl bu azatlygy isleýän birde ýarym Awstraliýanyň, Portugaliýanyň we Amerikanyň gurjaklarydy. Sözde hrystyýan katolik timorlylaryň azatlygy howp astyndady. Örän äpet syýasatlaryň ahyrynda Gd. Timor garaşsyzlygyna eýe boldy. Bu garaşsyzlyk üçin ‘göreşen’ Gusmao Xinana prezident boldy. Döwletiň ady Timor Leste diýilip üýtgedildi. Emma garaşsyzlyk günbatarlylaryň wada berişi behişt bolup çykmady. Ilkinji birnäçe aýda ilat 700 müň adamdan, 400 müňe düşdi. Ilatyň ýarysyna golaýy Indoneziýa bölegine göçdi. Indem bolsa paýtagt Dilide siwil uruş bar. Içki syýasy bulaşyklar. Açlyk möwç urýar. Ýagny munça syýasatlar bir döwletiň azatlygy, hrystyýanlaryň erkinligi, Timoryň garaşsyz bolanda has oňat boljakdygyna ynanmak däl-de, iň uly musulman ýurdy – Indoneziýany bölüp bölüp ýykmakdyna ýene bir gezek göz ýetirdik.

Üçünji bir mesele Awstraliýa ilçihanasynyň öňünde bolan partlama. Bu partlamada ölenleriň barynyň Indonezýa raýaty bolmagy. Awstraliýanyň ilçihana işgärleriniň ýekejesiniňem burnunyň ganamaýşy eýsäm geň dälmi?

Munuň ýene bir mysaly şu ýylyň Magtymguly aýynda ýüze çykan bir mesele. Indoneziýanyň Papua Täze Gwineýa bilen goňşy iň gündogar welaýaty, Irian Jaýadan 6 adam Awstraliýa topraklaryna imigrant hökmünde girip, raýatltk üçin beren arzalaryny Awstraliýanyň kabul etmegi, Indoneziýanyň halkara arenada abraýyny gaçyryp, raýatlary kynçylykdan şykaýatçydygyny görkezjek bolup bu arzany kabul etdiler. Irian Jaýalylar bolsa durmuşundan närazy, ýa-da döwletiniň howp astynda bolany üçin däl, Awstraliýanyň raýatlygyny almagyň iň aňsat ýolydygyna ynanansoň immigrant hökmünde arza berdiler. Bu pursadam elbetde Awstraliýa öz adyna peýdalandy.

Edil şular ýaly bölüji hereketler Açede we Sulaweside bar. Açe ‘yslamy azatlyk’ (bilmedim beýle söz diýip bolýarmy) Sulawesi bolsa ‘hrystyýan erkinlik’ isleýär. Açedäki gozgalaňlar sunamiden soň ýatyşsa-da, Sulaweside musulman-hrystyýan gowgalaryň yzy üzülenok. Bu gozgalaňlaryň arkasynda hökman birileri bar. Bolmasa Indonezýa halkynyň uly böleginiň çöregi gaýgy. Beýle zat aklyna-da gelmez.

Bular entek meniň göz ýetirenlerim. Elbetde päli ýaman doýmaz, niýeti munuň bilen çäkli bolmasa gerek.


Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

altynasyr@yahoo.com

0 comments: