Altas Açyk Bölüm
Friday, July 14, 2006
 
Düzme: Garaşsyzlygyň 15-ýyllygyna sowgadymyz
Mãhriban Watanymyz Garaşsyzlyk toýunyň 15-ýyllygyna batly gadamlar bilen taýýarlyk görýãr. Gözel Aşgabadymyzy bezeýãn lowurdap duran ak ymaratlar, ykdysadiýetde ýetilen belent sepgitler, ähli ugurlardaky ýokary görkezijiler bu gün Türkmenistan diýarymyzy dünýä tanadýar.
Bu zatlaryň bary dana Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda amala aşyryldy. Türkmenistan diýarymyzda şu geçilen 15-ýylda ylma-bilime has belent sarpa goýuldy. Çünki Mähriban Serdarymyzyň Mukaddes Ruhnamada nygtaýşy ýaly “Türkmen halkyny maksat–myradyna, altyn ýaşaýşyna ýetirjek, diňe -- ylymdyr” (Mukaddes Ruhnama, Birinji kitap, 350-nji sah.).
Türkmen halky asyrlaryň dowamynda ylma, bilime uly sarpa goýup gelipdir. Bu babatda Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamada şeýle nygtaýar: “Bizden öň öten türkmenler okamagy, tãze bilimler öwrenmek hyjuwyny, ylymda nähili belentliklere ýetselerde, dowam edipdirler, sebãbi olar bilim dowamaty bilen ýaşapdyrlar we ösüpdirler, bilim öwrenmegiň arasynyň kesilmegi, saklanmagy sebäpli bilim solýar we guraýar hasap edipdirler.” (Mukaddes Ruhnama, Birinji kitap, 17-nji sah.).
Watanymyzy gözümiziň göreji ýaly gorap saklamak, Beýik Serdarymyzyň Mukaddes Ruhnamasyndan ruhlanyp, ylma-bilime has höwesjeň seredip, Türkmenistan diýarymyzy dünýä tanatmak biziň her biriimiz üçin gaýragoýulmasyz meseledir.
Mähriban Serdarymyzyň Mukaddes Ruhnamasynda şeýle ajaýyp setirler bar: “Ruhnama - Türkmen milletiniň Baş kitabydyr. Ruhnamany manysyna girip oka, manysyny ulanyp oka, manysyny ezip oka.” (Mukaddes Ruhnama, İkinji kitap, 29-31-nji sah.).
Beýik Serdarymyzyň şu sözlerinden ugyr alyp, diýarymyzyň mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda mugallymlara we talyplara kömek hökmünde, Halkara Türkmen-Türk uniwersitetinde Mukaddes Ruhnamadan soragnama taýarlanyldy. Bu soragnama programma dilleri arkaly ykjam diske ýerleşdirildi. Mãhriban diýarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesline Mukaddes Ruhnamany öwretmekde bu soragnama uly gollanma bolar diýip umyt edýãris.

Wepa Amandurdyyew.
Halkara Turkmen-Turk Uniwersiteti


Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

altynasyr@yahoo.com

Comments: Post a Comment

Powered by Blogger