Thursday, August 17, 2006

Indoneziýanyň Garaşsyzlygynyň 61-nji Ýyly

230 million ilaty bolan Indoneziýa Respublikasy Alparslan aýynyň 17-sine garaşsyzlygynyň 61 ýyllygyny belledi.

Ülkaniň ähli ýerlerinde boluşy ýaly paýtagt Jakartada-da reňkli dabaralar bolup geçdi. Garaşsyzlygyň nyşany bolan “Monas” milli ymaratynyň ýerleşen meýdançasynda açyk konsert, çaga we ýaşlar üçin umumy oýunlar, meşhur artistleriň sahna oýunlary bolup geçdi.

Ülkaniň prezidenti Susilo Bambaň Ýudoýono göni ýaýlymda halka ýüzlendi we milli baýram bilen gutlady. Indoneziýanyň dürli etniki we dini toparlara degişli bolan halklaryň agzybirligi dowam etdirmek üçin watan soýgüsüni dowam etdirmelidigini we bu döwleti gurmak üçin alada edenlere we söweşenlere wepaly galmak bilen mümkindigini ýurt baştutany belledi.

Ýudoýono Indoneziýanyň soňky ýylda eýe bolan üstünlüklerine garamazdan, parahorlugyň we korrupsiýanyň entek hem iň uly mesele bolup durýandygyny we bu meseläniň öňüni almak üçin çäreleriň dowam etjegini aýtdy.

Watansöýer Indoneziýa halky öz mümkinçilikleri bilen öýlerini we köçelerini gyzyl-ak baýdaklar we milli nyşanlar bilen bezediler.

Gije wagty bolsa asman ýokary atylan dürli şekil we reňkli feýrwerkler bilen bezeldi. altas

Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi

altynasyr@yahoo.com

0 comments: