Altas Açyk Bölüm
Monday, January 09, 2006
AŞGABAT GURBAN BAÝRAMYNDA AK LYBASA BÜRENDI
Aşgabat.
10/01/2006
Türkmenbaşy aýynyň 9-na agşam sagatlarynda köp wagytlap garaşylan gar ýagmana başlady. Birnäçe gün bäri ýokumsuz aýaz sebäpli bu gar ýagyşyna sabyrsyzlyk bilen garaşyldy.
Türkmenbaşy aýynyň 10-ny Gurban Baýramy bolmagy sebäpli, Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary Gurban Baýramyny ak lybasa bürenen tebigatda garşy aldy.
Gar ýagyşy Türkmenbaşy aýynyň 9-yndan 10-na geçýan gijäniň giç sagatlaryna çenli dowam etdi.
Ýollar ir sagatlarda doň bolanlygy sebäpli ulag gatnawy kynrakdy. Emma sagat irden 10:00 töwereklerinde ýollardaky garlar Baýramda-da zähmet çekýän ýol arrassaýyjy ildeşlerimiziň gaýraty bilen çözüldi. Pyýada ýodalarda pil we sübse ulanylan bolsa, ulag ýollaryna çäge we gum serpilip çäre görüldi.
altas
Altas Habar Gullygy we Maglumat Merkezi
altynasyr@yahoo.com
